Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çeper gimnastika boýunça 14-nji gezek geçirilen «Merry Caravan» halkara ýaryşynda çykyş eden ýurdumyzyň ýaş gimnastikaçylary jemi 29 medala mynasyp boldular.
6 – 16 ýaş aralygynda geçirilen bäsleşiklerde çykyş eden gimnastikaçylarymyz 18 altyn, 10 kümüş hem-de 1 bürünç medala mynasyp boldular.
Ýygyndy toparymyza wekilçilik eden Gurbanjemal Ýagşymyradowanyň, Maýagözel Amanowanyň, Seýrana Hemraýewanyň, Ýewa Strelsowanyň, Sofiýa we Ameliýa Bensleriň, Reýhan Amanowanyň, Mahym Gurbanowanyň, Bogdana Kotukowanyň, Sara Gulberdiýewanyň, Ada Aýlin Günaslanyň, Lolita Awanesowanyň, Sara Hoja-Аhmetowanyň, Irina Kononowanyň, Medine Akyýewanyň, Amaliýa Alekperowanyň, Leýli Batyrowanyň hem-de Patma Kambarowanyň halkara ýaryşyndaky çykyşlary altyn medal getirdi.
Sofiýa Tawarasýan, Aýna Akyýewa, Ýuliýa Malsewa, Inara Hanowa, Gözel Gurbanowa, Aýsen Abdullaýewa, Aýperi Garajaýewa, Aýnur Täçgulyýewa, Enaý Hakyýewa, Halifa Jawadowa dagy halkara ýaryşyň kümüş, Selin Başyrowa bolsa bürünç medallaryny gazandylar.
Çeşme: «Türkmen sporty» gazeti