Ýaponiýanyň Ýamagata prefekturasynda adamlardan günde azyndan bir gezek gülmegi teklip edýän kanun kabul edildi. Başlangyjyň awtorlary, gündelik gülkiniň fiziki we ruhy saglygy berkitmek üçin zerurdygyny öňe sürýärler. Şonuň üçin kanun taslamasy iş berijileri iş ýerlerinde gülki bilen doldurýan howany döretmäge çagyrýar. Her aýyň sekizinji güni bolsa, “ýaşaýjylaryň gülki arkaly saglyklaryny gowulandyryp biljek güni” diýlip yglan edilýär. Kanun teklibi ýerli mejlisde köplügi eýeleýän konserwator garaýyşly Liberal demokrat partiýasy tarapyndan teklip edildi.
Bu kanun taslamasy, Ýamagata uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň barlaglaryna esaslanýar. Geçirilen barlaglarda ýygy-ýygydan gülýän adamlaryň irki ölüm howpunyň pesdigi bellenilýär. Şeýle-de bolsa, kanun taslamasy hemmeleriň göwnünden turmady.
“Hususan-da, ol kesel, agyr ruhy ýagdaýlar ýa-da başga ýagdaýlar sebäpli gülmek kyn ýa-da gülmek islemeýänleriň hukuklaryny bozýandygy üçin tankyt edildi” diýip, “The Asahi Shimbun” gazeti ýazýar.
Mundan ozal ýurduň Hokkaido prefekturasynda 8-nji awgust gülmek güni yglan edilipdi. Ýaponiýada 8/8 “ha-ha” diýlip okalýar.