Golaýda Çilide täsin tebigy hadysa bolup geçdi: adatça guraklygy bilen giňden tanalýan Atakama çölündäki ösümlikler gülledi. Öň jansyz çägeler bilen örtülen ýer indi ak we gyrmyzy güllere beslendi. Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan “desierto florido” (gülleýän çöl) diýlip atlandyrylýan bu waka 5-7 ýyldan bir gezek bolup, diňe çöl ösümlikleriniň tohumlarynyň gögermegi üçin ýeterlik ýagyş bolan halatynda bolup geçýär. Alymlar soňky 40 ýylda şuňa meňzeş 15 hadysanyň diňe sentýabr bilen noýabr aralygynda bolandygyny tassyklaýarlar. Ýöne şu ýyl gülleme garaşylmadyk ýagdaýda ir başlady we bu howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýar.
Atakama gözellik çaýýan güller “Nolana paradoxa” görnüşine degişli güllerdir. Birýyllyk gysga ösümlikleriň ösen kök ulgamy ýok we bol çyglylygyň gysga döwürlerine çalt uýgunlaşýar.
2022-nji ýylda Atakama çöli milli seýilgäh diýlip ykrar edildi, şonuň üçin islendik bu ýerde duş gelýän ösümlikler bilen bir hatarda haýwanlar, şol sanda süýrenijiler, guşlar we hatda mör-möjekler hem goralýar. Şeýle-de bolsa, bu täsin tebigy hadysanyň şaýady bolmak isleýän köp sanly syýahatçylara böwet bolmaýar.
Geljekde Atakamada ygalyň mukdarynyň köpelmegine garaşylýar, bu bolsa has gür güllemä we ösümlikleriň tutuş çölüň çäklerine ýaýramagyna sebäp bolup biler.