Amerikan “Disney” hem-de Ýaponiýanyň “Oriental Land Company” kompaniýalary 2029-njy ýyldan Tokiodan gatnap başlajak täze kruiz gämisini gurmak üçin bilelikdäki taslamany mälim etdiler. Geljek ýylyň ýazynda başlanylmagyna garaşylýan bu taslamanyň bahasy 2 milliard dollar bolup, ol 4 müň ýolagça we 1,5 müň ekipaž agzasyna niýetlenen gäminiň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Şeýle hem gäminiň ulanylyşa goýberilenden soň ilkinji ýyllar, takmynan 100 milliard ýen ($621,8 million) ýyllyk girdeji getirmegine garaşylýar. “Disney Signature Experiences”-iň ýolbaşçysy Tomas Mazlumyň bellemegine görä, “Ýaponiýadan gatnaw, bilşimiz ýaly, “Disney”-iň iň uly muşdaklarynyň biri bolan ýapon myhmanlary üçin deňizde dynç alşy has elýeterli eder”. “Disney Cruise Line” “The Walt Disney Company-nyň” golçur kompaniýasydyr. Täze gämi kompaniýanyň häzirki wagtda “Disney Magic”, “Disney Wonder”, “Disney Dream” we “Disney Fantasy” gämilerini öz içine alýan flotunyň bäşinji gämisi bolar. Bularyň ählisi hem XX asyryň 30-njy ýyllarynyň birmeňzeş äheňde ýerine ýetirilen, çagalaryň söýgüli gahrymany Mikki syçanjygyň keşbi bilen iki sany gyzyl tüsseçykary bar. “Disney Cruise Line” dürli sebitlerde – Ýewropa, Panama kanaly, Karib basseýni, Alýaska we Ýuwaş umman, Bagama adalary we transatlantik gezelençler gatnawlary hödürleýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.