EURO 2024-iň finalynda Angliýany 2-1 hasabynda ýeňen Ispaniýanyň ýygyndysy çempionatdan mümkin bolan iň ýokary pul baýragyny 28,25 million ýewro gazandy. UEFA ýaryşa gatnaşan her topara 9,25 million ýewro berýär. Toparçadaky ähli duşuşygynda-da ýeňiş gazanan ispanlar her 3 utuk üçin 1 million ýewro, 1/8 finaldaky ýeňşe-de 1,5 million ýewro aldy. Çärýek finaldan 2,5 million ýewro alan ispanlar ýarym finala çykany üçin ýene-de 4 million ýewro pul baýragy bilen sylaglandy. Çempion hökmünde-de 8 million ýewro gazanan ispanlar çempionatdan mümkin bolan iň köp pul baýragyna mynasyp boldy.

Bassyr 2-nji gezek finala çykan Angliýa bolsa 24 million ýewro pul baýragy bilen sylaglandy.