Şu ýy­lyň ap­re­l aýyn­dan baş­lap Ita­li­ýa­nyň We­ne­si­ýa şä­he­ri gü­nin gir­jek myh­man­lar üçin tö­leg­li edi­lip­di. Şu aýyň or­ta­syn­da sy­nag mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan bu düz­gü­niň möh­le­ti ta­mam­lan­dy. Düz­gü­ne gö­rä, hep­dä­niň köp adam­ly bel­li gün­le­rin­de şä­her­dä­ki myh­man­ha­na­lar­da ýa­tym­lyk gal­ma­jak sy­ýa­hat­çy­lar­dan 5 ýew­ro tö­leg alyn­ýar. Şä­he­riň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti hä­zi­re çen­li bu düz­gün ar­ka­ly je­mi 2,2 mil­li­on ýew­ro pul ýyg­na­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şä­he­re gi­riş 25-nji ap­rel­den 14-nji iýul ara­ly­gyn­da je­mi 29 gün, 8:30-dan 16:00 ara­ly­gyn­da tö­leg­li edil­di. Tö­leg et­mek örän aň­sat bo­lup, mu­nuň üçin ýö­ri­te mo­bil go­şun­dysy dö­re­dil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu wag­tyň do­wa­myn­da 440 müň adam tö­leg­li gün­ler­de şä­he­re gi­rip­dir. 14 ýaş­dan ki­çi­ler, şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry ýa-da ol ýer­de iş­le­ýän­ler we oka­ýan­lar, ge­ze­lenç üçin to­par bo­lup şä­he­re bar­ýan okuw­çy­lar, myh­man­ha­na­da ýa­şa­ýan­lar tö­leg­den bo­şa­dyl­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, tö­leg­li gi­riş döwründe şä­he­re bar­ýan­la­ryň sa­ny­ azal­man­dyr.
Tö­le­gli girişiň gel­jek ýyl­dan baş­lap he­mi­şe­lik edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. 1950-nji ýyl­da şä­he­riň ila­ty 175 müň tö­we­re­gi­ bolan bolsa, 2022-nji ýyl­da 50 müň­den aşak dü­şüp­di. Şä­he­re her ýyl­da 30 mil­li­on tö­we­re­gi myh­man bar­ýar. Ge­çen ýyl­lar­da şä­he­re bar­ýan uly ýo­lag­çy gä­mi­le­riň gir­me­gi çäk­len­di­ri­lip­di.

Ar­zy­gül ORAZ­MY­RA­DO­WA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň «Okyjylara hyzmat etmek» bölümçesiniň kitaphanaçysy.