(Hekaýat)
Günleriň bir güni iki alym haýsydyr bir iş bilen goňşy oba gidipdirler. Olar yzyna dolanyp gelýärkäler eýýäm ikindi çaglary bolan eken. Alymlaryň biri beýlekisine garap:
– Gel, gowusy şu gün bize gideli. Sen meniň myhmanym bol – diýipdir. Dosty ylalaşypdyr. Olar howla girenlerinde alymyň hyzmatçylary jaýyň daşyny suwap ýören ekenler. Öýüň hojaýyny olar bilen birlikde işläp ýören başga bir kişä gözi düşüp:
– O kim? – diýip, sorapdyr.
– Bu adamy şu günlükçe bize kömek eder ýaly hakyna tutduk.
– Ýaman däl. Hawa, onsoň oňa näçe tölemekçi bolýaňyz?
– Aý, işiň ahyrynda bir zatlar eçileris-dä. Elini boş goýbermeris.
Birdenem, öý eýesiniň ýüzi üýtgäp gidipdir. Gahary ýetjek derejesine ýetip, ýarylara gelende, dosty ara düşüp:
– Näme üçin beýle gaharyň geldi-le – diýip sorapdyr.
Şonda öý eýesi hyzmatçylaryna ýüzlenip:
– Men size öňem bir gezek ýatladypdym ahyryn. Eger-de kimdir birine haýsydyr bir işi etdirjek bolsaňyz, öňi bilen iş hakyny gürleşiň diýip. Şondan soň iş buýruň. Iş gutarandan soň, ýene-de üstüne bir zatlar eçilip bilersiňiz. Ol siziň iş hakyny artygy bilen berýändigiňizi görüp, sizden hoşal bolar, sizi gowy görer. Araňyzda birek-birege bolan hormat duýgusy dörär. Ýöne hakyny öňünden belli etmän, birini işletseňiz, işiň soňunda oňa näçe berseňizem, kem berendir öýdüp, birahat bolar – diýip, öýüň eýesi janygypdyr.
Taýýarlan Jumagül Waliýewa,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.