19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary düzgünleşdirmek bilen bagly görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi innowasion taýdan ösdürmek baradaky başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan bu ulgamda halkara şertnamalaryň 15-sine goşulyp, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy we Ýewraziýa Patent Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi. Maksatnamanyň çäklerinde 2023-nji ýylda “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlaryň möçberi we olary tölemegiň Tertibi Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

***

Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
“Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi tassyklanyldy.