Türkmen futbolçylary çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçen «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşynda ýeňiş gazandylar.
Baýraklar ugrunda dürli ýaş toparlaryndan alty topar bäsleşdi. Olaryň ikisinde biziň ildeşlerimiz bilen deňleşip bileniň bolmazlygy örän begendirijidir: 2012-nji ýylda doglan türgenleriň arasyndaky ýaryşda «Batly» topary öňdeligi eýeledi, 2014-nji ýylda doglan futbolçylaryň ýaryşyna bolsa «Gökje» iň ökde topar boldy. Şunda «Gökje» toparynyň ýarym goragçysy Amanmyrat Rejebow ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Türgenleriň 2009-njy ýylda doglan toparynda Aşgabadyň «Çandybil» topary, birinji orny ýaryşyň eýelerine gidirmek bilen, ikinji orny eýeledi. Bu toparda Özbegistandan dört, Gyrgyzystandan bir topar türkmen futbolçylaryna garşydaşlary boldy. Biziň toparymyzyň kapitany Amanmyrat Çaryýew bolsa iň gowy hüjümçi diýlip, ykrar edildi.