Adamlar 21 müň ýyl ozal, iň soňky buzluk döwründe häzirki Argentinanyň çägine baryp ýetipdirler. Bu öň pikir edişilişinden 6 müň ýyl ir bolýar. “PLoS One” žurnalynda çap edilen täze barlaglar adamlar Günorta Amerika buzluklar eränden soň barypdyr diýen çaklamany şübhe astynda goýýar.