ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden prezident saýlawynda ikinji möhlete dalaşgär bolmajakdygyny mälim edip, wise-prezident Kamala Harrise goldaw berjekdigini aýdypdy. Kamala Harris bolsa, bu barada Prezidente goldawyny alandygyna buýsanýandygyny aýdyp, dalaşgärlige mynasypdygyny we saýlawda ýeňiş gazanmak niýetiniň bardygyny belledi.
Wise-prezident Demokrat partiýany we ýurdy birleşdirmek üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy. Ýurtda 5-nji noýabrda geçiriljek saýlawda ýeňiji bolan ýagdaýynda Harris ýurduň ilkinji zenan Prezidenti bolar.
Harris 1964-nji ýylda Kaliforniýanyň Oklend şäherinde dünýä indi. Onuň ejesi Hindistandan ABŞ-da okamak üçin baryp, biolog käriniň eýesidir. Kakasy hem Ýamaýkadan ABŞ-na okamaga barypdyr. Garaýagyz kakasy ykdysadyýet ugrundan professor. Harrisiň hukuk ugrundan ýokary bilimi bolup, birnäçe ýyl San-Fransiskoda prokuror wezipesinde işledi. 2010-njy ýylda Kaliforniýanyň baş prokutory wezipesine dalaşgär bolup, ştatyň taryhynda bu wezipä saýlanan ilkinji garaýagyz we ilkinji zenan boldy. 2014-nji ýylda bu wezipä gaýtadan saýlandy.
2020-nji ýylda Demokrat partiýadan Prezident saýlawy üçin dalaşgärligini goýdy, emma partiýanyň içindäki saýlawda dalaşgärlige saýlanyp bilmedi. Şol ýyl Demokrat partiýanyň dalaşgäri bolan Jo Baýden Harrisi 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wize-prezident hökmünde yglan etdi. 3-nji noýabrda demokratlaryň saýlawda ýeňiş gazanmagy bilen Harris 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda wize-prezident hökmünde Prezident Baýden bilen kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Ol wezipe möhletiniň dowamynda häzire çenli 20 töweregi ýurtda saparda bolup, dünýäniň 150-den gowrak döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşdy. Demokrat partiýanyň administrasiýasy, esasan, ykdysadyýete maýa goýum çekip, iş orunlarynyň artdyrylmagy üçin tagalla etdi.