Saýat Nowa, ermeni şahyry (1712-1795ý.)
Saýat Nowa – Arutýun Saýadýanyň edebi lakamy bolup, onuň yşky goşgulary giňden meşhurdyr. Saýat Nowa ermeni, gruzin, azerbaýjan, türk dillerinde goşgy ýazypdyr. Ermeni şahyryň heniz çaga wagty goşgy ýazmaga girişipdir. Ökde sazanda hasaplanýan Saýat Nowa goşgularyny saza goşup, aýdym edip aýdypdyr. Yşky-liriki aýdymlary aýtmakda ýeten ussatlygy üçin oňa halk arasynda «aşyk» hem diýer ekenler. Saýat Nowanyň biziň günlerimize 200-den gowrak goşgusy gelip ýetipdir. Häzirki wagtda Saýat Nowa ermeni saz we poeziýa sungatyna uly goşant goşan belent şahyr hasaplanýar. 1968-nji ýylda Sergo Paraçanowyň režissýorlygynda şahyr hakynda ilkinji kinofilm düşürildi. Saýat Nowanyň türkmen diline terjime edilen goşgular ýygyndysy 1976-njy ýylda neşir edilýär. Ýurdumyzyň bagşylary Saýat Nowanyň sözlerine «Nurana Aý», «Ýokdur taýyň», «Sataşa-sataşa» ýaly birnäçe aýdymlary aýdýarlar.