Ýanka Kupala, belarus şahyry (1882-1942ý.)
Belarus şahyry, terjimeçisi, dramaturgy Ýanka Kupalanyň hakyky ady Iwan Daminikawiç Lusewiç bolup, Ýanka Kupala onuň edebi lakamydyr. Nusgawy şahyr belarus edebiýatynyň we belarus edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biri hasaplanýar. Belarus Respublikasynyň halk şahyry, Belarus Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýanka Kupala Puşkiniň, Şewçenkonyň, Nekrasowyň, Krylowyň eserlerini belarus diline terjime edýär. Şahyryň 1920-1930-njy ýyllarda birnäçe ýygyndysy neşir edilýär. Ýanka Kupala 1925-nji ýylda «halk şahyry» diýlen hormatly ada mynasyp bolýar. Belarus Respublikasynda ussadyň hormatyna onuň ady dakylan mekdepler, kitaphanalar, muzeýler we köçeler bar. Şahyryň şygyrlary iňlis, arap, italýan, hytaý, nemes, rus, fransuz, hindi we ýapon dillerine terjime edildi.