8-13-nji sentýabr aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde sportyň etnik görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlary – çarwadarlaryň 5-nji bütindünýä oýunlary geçiriler. Astana şäheriniň häkimliginiň maglumatlaryna görä, bu çärä 89 ýurtdan iki müňden gowrak gatnaşyjy gatnaşar.
Oýunlar sport, medeniýet we ylym ýaly üç ugry öz içine alýar. Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň infrastrukturasynda “Astana Arena” stadiony, “Kazanat” aýlawy, Ž. Uşkempirowa adyndaky başa-baş söweş sungaty köşgi, “Alau” buz köşgi, “Qazaqstan” ýeňil atletika sport toplumy, “Duman” toplumy ýaly 6 sany uly desga bar.
“Kazanat” aýlawynda we Etnoaulyň çäginde at çapyşyklary, ýaýdan ok atmak, algyr bilen awlamagyň milli görnüşleri we beýlekiler bar. Ž.Uşkempirow adyndaky söweş sungaty köşgünde we “Alau” buz köşgünde milli göreş, başa-baş söweş sungaty we halk oýunlary boýunça ýaryşlar, “Duman” toplumynda bolsa, gadymdan gelýän intellektual oýunlar geçiriler. “Qazaqstan” ýeňil atletika sport toplumynda Çarwadarlaryň bütidünýä oýunlarynyх akkreditasiýa we enjam merkezleri ýerleşer.
Oýunlaryň ylmy maksatnamasynyň çäreleri Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde geçiriler. Oýunlarda 100-e golaý medal gowşurylar.