Italiýaly binagär Stefano Boeri Hytaýyň Huangan şäherinde guruljak «ýaşyl» taslamany işläp tamamlady. Taslama durmuşa geçirilende, 500 ilatly tokaýlyk şäherçede 5 müň düýpden gowrak gyrymsy agaç bolar. Ýurduň Hubeý welaýatyndaky Ýanszy derýasynyň kenarynda her gatynda dürli ösümlikler ekilen jaýlaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Ilatly nokat 4,5 gektardan gowrak ýeri öz içine alar. «Easyhome» Huangan dik tokaý toplumy atly taslamanyň çäginde ýaşaýyş jaý üçin niýetlenen 2 sany köp gatly jaý bilen 3 sany täjirçilik maksatly binalar bolar. Taslama üçin tebigy ýagdaýda ýaýramaýan ösümlikler saýlanyp alnypdyr. Bu ýerde jemi 404 görnüşli ösümlik bolup, 2409 inedördül metrde ot, güller we çyrmaşyp ösýän ösümlikler ekiler. Emeli usulda köp gatly binalaryň ýörite niýetlenen ýerlerine ekiljek ösümlikler her ýylda 20 tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirip, 10 tonna kislorody bölüp çykarar.
Binagär binalaryň dizaýnynda agaçlar bilen örtülen jaýlaryň owadan bolup görünmegini göz öňünde tutandygyny belleýär. Binada ýaşaýanlar şäherdedigine garamazdan, özlerini tebigatyň jümmüşinde ýaly duýarlar.
Italýan binagär başga taslamalary hem taýýarlady. Ol Hytaýyň daglyk Guansi welaýatynda Lýuçžou tokaý şäheri atly taslamany hem taýýarlaýar. Lýuçžou dünýäde iň köp tüsseli şäherleriň biri hasaplanýar. Şol sebäpli bu ýerde şeýle taslamany durmuşa geçirmek talabalaýyk hasaplanypdyr. Şäherde guruljak taslamanyň çäginde 40 müň düýp agaç bilen 100-den gowrak görnüşli 1 milliondan gowrak beýleki ösümlikler oturdylar. Şäherçe 30 müň ilatly bolar.
Gurbanmagtym GULGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ortopediki we hirurgiki stomatologiýa kafedrasynyň assistenti,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.