Tomusky Olimpiýa oýunlarynda sörfing ýaryşlary Parižden 16 müň kilometr uzakda geçiriler

40

Bütin dünýäniň ünsüni 17 günläp özünde jemlejek Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki ýaryşlar 34 desgada geçiriler. Açylyş dabarasyndan 2 gün öň başlan futbol duşuşyklary ýurduň şäherleriniň 9-synda oýnalar. Sörfing boýunça guraljak ýaryşlar Fransiýadan 16 müň kilometr uzaklykdaky Taitiniň Teahupo’o obasynda geçiriler. Fransiýa hökümeti bu halkara iň iri sport çäresini guramak üçin 9 milliard ýewro möçberinde maýa goýdy.

Pariždäki 3-nji, Fransiýadaky 6-njy Olimpiýa oýunlary

Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda bu sport çäresi 6-njy gezek guralýar. Şolaryň 3-si tomusky, 3-si gyşky Olimpiýa oýunlarydyr. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 3-siniň salgysy hem paýtagt Pariž bolup, bu mundan ozal 1900-nji we 1924-nji ýyllardaky çäräni gurapdy. Mundan 100 ýyl öň Fransiýanyň başga bir şäheri Şamoniksde ilkinji gyşky oýunlary hem geçirilipdi. Gyşky Olimpiada 1968-nji ýylda Grenobl, 1992-nji ýylda bolsa Albertwill şäherlerinde guralypdy.