Soň­ky ýyl­lar­da Ýer ýü­zü­niň köp ýe­rin­de aşa ys­sy ho­wa ha­sa­ba alyn­ýar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ko­per­nik adyn­da­ky kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky gul­lu­gy 21-nji iýu­lyň bü­tin dün­ýä­de hä­zi­re çen­li ha­sa­ba al­nan iň ys­sy gün bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol gün ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy dün­ýä­de or­ta­ça 17,09 de­re­je bo­lup­dyr. Şeý­le hem ABŞ, Ýew­ro­pa we Rus­si­ýa ys­sy ho­wa aky­my­nyň tä­si­ri­ne gi­rip­dir. Ge­çen ýy­lyň 3-6-njy iýuly ara­ly­gyn­da hem şol döw­re çen­li ha­sa­ba al­nan iň ys­sy gün­ler bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Alym­lar bu ýyl­ky aşa ys­sy ho­wa­nyň «El Ni­no» ho­wa aky­my bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.