Ýaýdan ok atmak boýunça zenanlaryň arasyndaky toparlaýyn ýaryşda ýene-de Günorta Koreýanyň türgenleri – Hun Ýoun Žeon, Siheon Lim, Suheon Nam dagy ýeňiji boldy. Finalda hytaýly mergenleri 5:4 hasabynda ýeňen koreýler bu ugurda umumylykda 28-nji altyn medalyny gazandy. Günorta Koreýanyň zenanlar topary 1988-nji ýyldan bäri altyn medalyň ýeňijisi bolup gelýär. Zenanlaryň toparlaýyn ýaryşy şol ýyl Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdi. Bu ugurda Meksikanyň ýygyndysy Niderlandlary 6:2 hasap bilen ýeňen meksikanlar ilkinji bürünç medalyny gazandylar.