Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň täze sport görnüşlerinden bolan skeýtboarding boýunça erkekleriň arasyndaky ýaryşda çempion üýtgemedi. Zenanlardan soň erkekleriň arasynda-da ýaponlar öňe saýlandy. Bu ugruň ilkinji çempiony ýaponiýaly Ýute Horigome 281,14 utuk bilen bassyr 2-nji gezek altyn medala mynasyp boldy. Ol bu ugurda amerikaly türgenleri – Jagger Iton bilen Naýja Hýustony yzda galdyrmagy başardy.

Mälim bolşy ýaly zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýaponiýaly gyzlar goşa üstünlik gazanypdy. 272,75 utuk toplan Koko Ýozişawa altyn, 265,95 utuk gazanan başga bir ýaponiýaly türgen Liz Akama kümüş medala mynasyp boldy. Braziliýaly Raýssa Leal bürünç medal gazandy. Leal Tokioda kümüş medal alypdy.