Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň iň esasy ugry hasaplanýan ýeňil atletika ýaryşlaryna badalga berlip, erkekleriň arasyndaky 10 müň metre ylgamak ýaryşynda rekord görkeziji bellige alyndy. Ugandaly meşhur ylgaýjy Joşua Çeptegei 26 minut 43,14 sekuntda pellehana gelip, 16 ýyllyk Olimpiýa rekordyny täzeledi. Bu ugurda ozalky rekord efiopiýaly Kenenisa Bekelä degişli bolup, ol Pekinde 27 minut 01,17 sekuntda ýaryşy tamamlapdy.
Çeptegeiden soň efiopiýaly Berihu Aregawi (26:43,44) kümüş, amerikaly Grant Fişer (26:43,46) bürünç medala mynasyp boldy.