Türkiýäniň Super Kubogy duşuşygynda çempion “Galtasaraý” bilen Kubogyň eýesi “Beşiktaş” duşuşdy. Eýýäm 1-nji minutda dolmanka gol bilen başlanan oýunda “Beşiktaş” güýçli garşydaşyny 5-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Tälimçilige niderland Jowanni Wan Bronkhorsty wezipä bellän “Beşiktaşyň” gollaryny Çiro Immobile (1, 80 p), Ýonas Swensson (53), Rafa Silwa (90+1) hem-de Mustafa Hekimoglu (90+2) geçirdi. Şunlukda, Beşiktaş topary 2006-njy ýyldan bäri Super Kubok ady bilen geçirilýän bu guramaçylykda 2007-nji we 2022-nji ýyllardan soň 3-nji gezek ýeňiji boldy.