Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletikanyň iň esasy ýaryşy bolan 100 metre ylgamakda amerikaly Noa Laýlz çempion boldy. Soňky ädimlerdr garşydaşlaryndan öňe geçen Laýlz 0,005 sekunt aratapawut bilen altyn medaly eýelemegi başardy. Onuň görkezen netijesi 9,784 sekunda deň boldy. Aýagyny çyzykdan öň geçirse-de, Laýlzdan 0,005 sekunt yza galan ýamaýkaly Kişeýn Tompson 9,789 sekunt bilen kümüş medaly eýeledi. Bürünç medala bolsa başga bir amerikaly Fred Körli mynasyp boldy.