UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Azerbaýjanyň çempiony “Garabag” öz meýdançasynda “Ludogores” toparyndan 2-1 hasabynda asgyn geldi. Öz meýdançasynda utulan toparlaryň ýene biri-de Polşanyň çempiony “Ýagelloniýa” topary bolup, Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary Dueguesiň awtoly esasynda iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Slowakiýanyň “Bratislawa” topary Kipriň APOEL toparyny Petrowiç (71 ö.d.) hem-de Makyň (90+4) gollary bilen, Daniýanyň “Midtýullan” topary-da Wengriýanyň çempiony “Ferenswaroşy” Buksa (17) hem-de Džunyň (69) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çehiýanyň “Sparta Praga” topary bilen Rumyniýanyň FKSB toparlarynyň (Olatunsi 78 – Dawa 61) hem-de Şwesiýanyň “Malmö” topary bilen Gresiýanyň PAOK toparynyň (Ýansson 28, Nanasi 67 – Taison 42, Rahman 75) arasyndaky duşuşyklarda ýeňiş gazanan bolmady.

Çempion däl klublaryň arasynda Praganyň başga bir kluby “Slawiýa” öz meýdançasynda Belgiýanyň “Ýunion Sent-Žilluaz” toparyny Çori (2) hem-de Dorliniň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. Fransiýanyň “Lill” topary-da öz meýdançasynda Türkiýäniň wise-çempiony “Fenerbahçeni” kabul edip, soňky minutda ýeňiş gazanmagy başardy. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan fransuz klubunyň gollaryny Oosterwolde (12 ö.d.) bilen Žegrowa (90+1), türk toparyny goluny bolsa Kahweji (80) geçirdi. Polşada “Reýnjers” bilen duşuşan Kiýewiň “Dinamosy” Ýarmolenkonyň 37-nji minutdaky goly bilen öňe geçse-de, 90+4-nji minutda ýeňşi elden giderdi. Şotland klubunyň goly Dessers öz adyna ýazdyrdy. “RB Salsburg” topary-da Kergoryň gollary bilen “Twenteden” 2-1 hasabynda üstün çykdy. Jogap duşuşyklarynyň ählisi-de 13-nji awgustda oýnalar.

2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri: “Garabag” (Azerbaýjan) – “Ludogores” (Bolgariýa): 1-2, “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa) – APOEL (Kipr): 2-0, “Sparta Praga” (Çehiýa) – FKSB (Rumyniýa): 1-1, “Malmö” (Şwesiýa) – PAOK (Gresiýa): 2-2, “Midtýullan” (Daniýa) – “Ferenswaroş” (Wengriýa): 2-0, “Ýagelloniýa Belostok” (Polşa) – “Bude-Glimt” (Norwegiýa): 0-1; “Slawiýa Praga” (Çehiýa) – “Ýunion Sent Žilluaz” (Belgiýa): 3-1, “Lill” (Fransiýa) – “Fenerbahçe” (Türkiýe): 2-1, “Dinamo Kiýew” (Ukraina) – “Reýnjers” (Şotlandiýa): 1-1, “Red Bull Salsburg” (Awstriýa) – “Twente” (Niderlandlar): 2-1

3-nji tapgyryň bijeleri (20-21-nji, 27-28-nji awgust):

“Ýang Boýz” (Şweýsariýa) – “Galatasaraý” (Türkiýe), “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa) – “Garabag” (Azerbaýjan)/“Ludogores” (Bolgariýa), “Midtýullan” (Daniýa)/“Ferenswaroş” (Wengriýa) – “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa)/APOEL (Kipr), “Ýagelloniýa Belostok” (Polşa)/“Bude-Glimt” (Norwegiýa) – “Srwena Zwezda” (Serbiýa), “Malmö” (Şwesiýa)/PAOK (Gresiýa) – “Sparta Praga” (Çehiýa)/FKSB (Rumyniýa); Çempion däl toparlar: “Lill” (Fransiýa)/“Fenerbahçe” (Türkiýe) – “Slawiýa Praga” (Çehiýa)/“Ýunion Sent Žilluaz” (Belgiýa), “Dinamo Kiýew (Ukraina)/“Reýnjers” (Şotlandiýa) –“Red Bull Salsburg” (Awstriýa)/“Twente” (Niderlandlar)