Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň metbugat boýunça ygtyýarly edaralarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onda Merkezi Aziýa sebitinde maglumat giňişligini ösdürmek we bu ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine garaldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa teleýaýlymyny döretmek taslamasyna garaldy.
Bu duşuşyga Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministriniň orunbasary Kanat Iskakow, Tajigistanyň Telewideniýe we radioýaýlymlar boýunça döwlet komitetiniň başlygy Nuriddin Said, Özbegistanyň Maglumat we köpçülikleýin kommunikasiýa agentliginiň direktorynyň birinji orunbasary Dilşod Saidjanow, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklar we maýa goýumlar geçmek bölüminiň müdiri Nusubaly Žakypbekow gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar media sowatlylygy artdyrmak we ýalan habarlaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak babatda göreşmek baradaky meselelerde pikir alyşdylar.
Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri Merkezi Aziýada umumy maglumat giňişligini döretmek boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Merkezi Aziýa teleýaýlymyny we sebitleýin media meýdançasyny döretmek mümkinçiligine seretmek babatda ylalaşdylar.
Bu ädimleriň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge we medeni alyş-çalşygy ilerletmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Media ulgamynyň ygtyýarly edaralarynyň wekilleri media ulgamyndaky birleşdiriji taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.