Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Her ýyl bir döwletde geçirilýän bu duşuşykda döwlet Baştutanlaryny Hormat nyşany bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi.
Astanada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki çözgüdi bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy. Sylaglanyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu dabara Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna hormatly myhman hökmünde çagyrylan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirildi. Şol duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanypdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy Gazagystanda, ikinji duşuşygy Özbegistanda, üçünji duşuşygy Türkmenistanda, dördünji duşuşygy Gyrgyzystanda, bäşinji duşuşygy Täjigistanda geçirildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyny bolsa, Özbegistanda geçirmek çözgüdi kabul edildi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşýar. Astanadaky duşuşyga bu merkeziň ýolbaşçysy Kaha Imnadze çagyryldy.