Fransiýanyň PSŽ topary Germaniýanyň “Aýntraht” toparyndan ekwadorly goragçy Willýan Paçony transfer etdi. Parižliler bu transfer üçin nemes klubuna 40 million ýewro tölär. Goşmaça tölegler bilen ol 45 million ýewro hem ýetmegi mümkin. PSŽ 22 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Paço geçen möwsümde frankfurtlylaryň düzüminde 44 duşuşykda meýdança çykdy. Paço PSŽ-niň taryhyndaky ilkinji ekwadorly futbolçy bolar.

PSŽ Paçodan öňem “Benfikadan” portugaliýaly Žoao Neweş 60 million ýewro transfer edipdi.