16-17-nji aw­gust­da Ast­ra­han­da IX Ha­zar met­bu­gat fo­ru­my ge­çi­ril­ýär. Onuň işi­ne türk­men ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň gep­le­şik­ler bö­lü­mi­niň baş re­dak­to­ry Me­kan Hu­daý­ber­di­ýew gat­naş­ýar.
«Türk­me­nis­tan: Al­tyn asyr» saý­tyn­da ha­bar ber­li­şi ýa­ly, met­bu­gat fo­ru­my­na gat­naş­ýan ýurt­la­ryň – Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, şeý­le hem Be­la­ru­suň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
17-nji aw­gust­da umu­my mej­lis we mow­zuk­la­ýyn 5 du­şu­şyk me­ýil­leş­di­ril­ýär. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar sun­gat­da we met­bu­gat­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ösü­şi ýa­ly te­ma­lar­da pi­kir al­şar­lar.
Fo­ru­myň çä­gin­de us­sat­lyk sa­pa­gy we Ha­zar ýurt­la­ry­nyň ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň du­şu­şy­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Däp bol­şy ýa­ly, fo­rum­da «Ser­het­siz Ha­zar» at­ly bäs­le­şik bo­ýun­ça iň oňat žur­na­lis­tik eser­le­riň ne­ti­je­le­ri jem­le­ni­ler.
Fo­rum Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň çy­kyş­la­ryn­dan yba­rat bol­jak «Ha­zar möw­süm­le­ri» me­de­ni fes­ti­wal bi­len do­wam et­di­ri­ler. Or­kestr­de Rus­si­ýa­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň sa­zan­da­la­ry bar.