“Belavia” Türkmenistan ugurly gatnawlarynda arzanladyş yglan etdi

43

Belarusyň “Belavia” awiakompaniýasy özüniň amala aşyrýan Russiýadan Türkmenistana tarap üstaşyr gatnawlarynyň bahalaryny arzanlatdy. Bu barada “Belta” habarlar gullugy awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Awiakompaniýa Moskwa-Minsk-Türkmenbaşy we Moskwa-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Moskwa, şeýle hem Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Sankt-Peterburg ugurly gatnawlarynyň bahalary üçin ýörite arzanladyş yglan etdi.
Türkmenistanyň raýatlaryna eger üstaşyr gatnawy bir gije-gündizden köp bolmadyk halatynda Belarusyň wizasyny almagy zerur däldir. Howa menzilinden çykman, beýleki awiagatnawy üçin bellige alnyp biler.
– Iň gowy hem-de amatlysy, ähli ugurlar üçin öňünden bellige alnyp, 2 sany uçuş kartyny almak mümkinçiligidir – diýip, awiakompaniýa belleýär.
Russiýa daşary ýurtly raýatlaryň barmagy bilen baglanyşykly maglumatlary Russiýanyň ygtyýarly edaralaryndan öwrenmek maslahat berilýär.