1959-njy ýylyň 21-nji awgustynda ABŞ-nyň Prezidenti Dwaýt D. Aýzenhauer Gawaýini bileleşigiň 50-nji ştaty diýip yglan edýän permana gol çekdi. Gawaýiniň ABŞ-nyň düzümine goşulmagy häzirki wagtda baýramçylyk hökmünde bellenilýär.
Gawai (iňlisçe: Hawaii, gawaiçe: Hawaiʻi) adalardan emele gelen ştat bolup, Ýuwaş ummanyndan ýerleşýär. Bu adalar ABŞ-nyň kenaryndan 2 müň mil (3,200 km) çemesi günorta-günbatarda ýerleşýär. Gawai ABŞ-nyň Demirgazyk Amerikanyň daşyndaky ýeke-täk ştatydyr. Şeýle hem bu adalar ABŞ-nyň tropik klimatdaky ýeke-täk adasydyr.