ABŞ-da uly agaç gurluşyk desgalaryny ulanan ilkinji iri howa menzil bolan Portlendiň halkara howa menzilinde (Oregon ştaty) meýdany 3,6 gektar bolan agaç üçekli täsin terminal açyldy. Bu ajaýyp desga “ZGF Architects” binagärlik kompaniýasy tarapyndan döredildi. Ýerli agaçdan ýasalan üçegiň agramy 8 million kg töweregi bolup, işläp duran howa menzilinde amatsyzlyklary azaltmak üçin inženerçilik ulgamlaryny we 49 sany yşyk lýuklaryny öz içine alýan bu özboluşly üçek zawodda öňünden ýygnaldy. Täsin howa menzilini giňeltmegiň taslamasy öň aýry duran 3 sany binany bir üçegiň aşagyna jemledi. Aýratyn hem üçegi 34 sany seýsmoizolýasiýaly Y şekilli sütünler saklaýar, netijede bu gurluşa 9 bally ýer titremelere çydamly bolmaga mümkinçilik berdi. Terminalyň içerki görnüşi “Place” dizaýn şereketi bilen bilelikde işlenip düzüldi. Ol 72 agaçdan we 5000-den gowrak ösümlikden ybaratdyr. Bu howa menzilini giňeltmek işi 2 milliard dollarlyk düýpli abatlaýyş işleriniň bir bolmagy bolmak bilen, taslama Portlendiň pyýadalara niýetlenen köçelerini ýada salýan ajaýyp gurşaw döretmäge gönükdirilendir. Ähli gurluşyk işleri doly ýagdaýda tamamlanandan soň, howa menziliniň ýolagçy geçirijilik mümkinçiligi iki esse artar we özboluşly howa menzili 2045-nji ýyla çenli ýylda 35 million ýolagça hyzmat edip biler.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.