19-22-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy ge­çi­ril­di

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy we «Türk­men Eks­po» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de ka­şaň «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky açyk meý­dan­ça­da gu­ral­an giň ge­rim­li göz­den ge­çi­ri­liş­de ça­ga­lar üçin ha­ryt­lar we hyz­mat­lar pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan ýur­du­my­zyň we Rus­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Ka­na­da­nyň, Por­tu­ga­li­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, BAE-niň, Tür­ki­ýä­niň, Sin­ga­pu­ryň, Hy­ta­ýyň, Bah­reý­niň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ozal­dan gel­ýän hyz­mat­da­şy­myz – ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, ýaş nes­liň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi, maş­ga­la­la­ryň mad­dy-dur­muş ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň wa­gyz edil­me­gi ba­bat­da şu ge­çen ýyl­lar­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ra iş­jeň gat­naş­ýan BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy (ÝU­NI­SEF) hem bar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra Gut­la­gy­ny iber­di. On­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni we işe­wür­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka, onuň di­ňe bir işe­wür­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mek­le­ri üçin aja­ýyp meý­dan­ça bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ene-ata­lar we ça­ga­lar üçin öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne hem öw­rül­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Dört gün­läp do­wam eden fo­rum­da paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry te­ma­ti­ki ugur­ly dür­li gör­nüş­li önüm­le­riň köp san­ly­sy­ny özün­de jem­le­ýän di­war­lyk­lar bi­len ta­nyş­dy­lar. Tä­ze dog­lan ça­ga­lar üçin ha­ryt­la­ryň uly top­lu­my – ge­ýim­ler, gap-gaç­lar, bä­be­jik­le­ri iý­mit­len­dir­mek üçin ýo­kum­ly iý­mit ga­ryn­dy­la­ry, aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri we beý­le­ki önüm­ler, il­kin­ji no­bat­da, ýaş ene-ata­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Hal­ky­my­zyň köp ça­ga­ly­ly­ga, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra he­mi­şe aý­ra­tyn hor­mat bi­len ga­ra­ýan­dy­gy­ny na­za­ra alyp, ser­gi­ni gu­raý­jy­lar pa­wil­ýon­la­ryň be­ze­gin­de bu ug­ra aý­ra­tyn üns be­rip­dir­ler. Ýaý­baň­lan­dy­ry­lan di­war­lyk­lar ýa­şa­jyk ra­ýat­lar­da uly şat­lyk dö­ret­di. Her dür­li oýun­jak­ly, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan oýun gör­nüş­li we pi­kir­le­ni­şi ös­dür­ýän okuw gol­lan­ma­ly di­war­lyk­la­ryň öňi aý­ra­tyn köp adam­ly bol­dy.
Tä­ze okuw ýy­ly­nyň öňü­sy­ra­syn­da mek­dep ha­ryt­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän pa­wil­ýon­la­r aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Bu ýer­de sa­pak­lar üçin äh­li ze­rur­lyk­la­ry – okuw es­bap­la­ry­ny we gol­lan­ma­la­ry, ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen me­bel­le­ri di­ňe bir syn­lap däl, eý­sem, amat­ly ba­ha­dan sa­tyn alyp hem bol­ýar. Dä­be gö­rä, tom­suň soň­ky aýyn­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de her ýyl ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan mek­dep ba­zar­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, bu ýer­de-de is­le­gi­ňe gö­rä, mek­dep ly­bas­la­ry­ny, aýak­gap­la­ry, okuw tor­ba­la­ry­ny, ýa­zuw dep­der­le­ri­ni we beý­le­ki­le­ri saý­la­ma­ga müm­kin­çi­lik bar.
Ser­gä gat­naş­ýan döw­let we hu­su­sy dü­züm­le­re, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­na öz alyp bar­ýan iş­le­ri, önüm­le­ri, hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bi­len giň halk köp­çü­li­gi­ni ta­nyş­dyr­ma­ga amat­ly şert­ler dö­re­dil­di. Bu ýer­de gör­ke­zil­ýän ne­şir önüm­le­ri, şol san­da şu ýyl dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­de giň­den bel­le­nil­ýän Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri göz­den ge­çi­ri­li­şe gel­ýän­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Ser­gi­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ki­tap­la­ry­na mö­hüm orun ber­lip­dir.
Ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da «Gö­rel­de­li», «Iş no­ka­dy», «Gu­jur­ly», «Ne­ti­je­li bin­ýat» ýa­ly ýur­du­my­zyň bel­li bi­lim mer­kez­le­ri ýö­ri­te iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma bo­ýun­ça giň ugur­ly bi­lim hyz­mat­la­ry­ny ila­ta hö­dür­le­di­ler. Göz­den ge­çi­ri­li­şiň çäk­le­rin­de ça­ga­lar ha­ryt­la­ry we hyz­mat­lar pu­da­gyn­da­ky tä­ze­çil önüm­ler­dir teh­no­lo­gi­ýa­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­di. Bu ugur­da ýö­ri­te­le­şen meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň tä­ze­çil iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy. Mu­nuň özi bu ul­gam­da­ky tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­ma­ga, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga şert dö­re­der.
Ser­gä gat­na­şan­la­ryň ha­ta­ryn­da ça­ga­lar üçin dür­li önüm­le­riň sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­ma­ga ýö­ri­te­le­şen iri söw­da plat­for­ma­la­ry we in­ter­net dü­kan­la­ry hem bar. Hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­li­şiň çäk­le­rin­de el işi­ne us­sat­la­ryň taý­ýar­lan önüm­le­ri­niň ýar­mar­ka­sy hem ge­çi­ril­di. On­da hal­ky­my­zyň mil­li sun­ga­ty­nyň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän sun­gat eser­le­ri gör­ke­zil­di.
Ser­gi-ýar­mar­ka da­ba­ra­nyň esa­sy gah­ry­man­la­ry bo­lan ýa­şa­jyk ra­ýat­la­ryň iş­jeň gat­naş­ma­gy onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­dy. Ýur­du­my­zyň bel­li mo­del­ler öý­le­ri­niň tä­ze taý­ýar­lan, owa­dan ça­ga ly­bas­la­ry­nyň gör­ke­zi­liş da­ba­ra­sy hem hut şo­la­ra gö­nük­di­ril­di. Ze­hin­li di­zaý­ner­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len her bir ly­bas özün­de däp bo­lan mil­li äheň­le­ri we dün­ýä­niň hä­zir­ki za­man mo­da­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak bi­len, gaý­ta­lan­ma­jak ese­re öw­rül­di.
Bu ýer­de ça­ga­lar üçin bir­nä­çe in­te­rak­tiw zo­lak­lar dö­re­di­lip­dir. Ýa­şa­jyk türk­me­nis­tan­ly­lar ser­gi­niň işi­niň do­wam ed­ýän äh­li gün­le­rin­de tej­ri­be­li tä­lim­çi­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dö­re­di­ji­lik we baş­ga-da bir­nä­çe gy­zyk­ly ugur­lar bi­len meş­gul­lan­dy­lar.
«Ça­ga­ly­gyň tä­sin dün­ýä­si­ne» gel­ýän ýaş nes­liň we­kil­le­ri üçin meş­hur er­te­ki­le­riň, bel­li mult­film­le­riň gah­ry­man­la­ry­nyň keş­bi­ni dö­re­den ani­ma­tor­la­ryň, ar­tist­le­riň dür­li ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­le­ri, ýa­şa­jyk ze­hin­le­riň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­ýän şü­we­le­ňi, türk­men spor­tu­nyň ýyl­dyz­la­ry­nyň sport çy­kyş­la­ry we olar bi­len du­şu­şyk­lar gu­ral­dy.
Ge­çi­ri­len çä­re­ler ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ça­ga­la­ra di­ňe bir ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri we şat­lyk­ly duý­gu­la­ry ba­gyş­la­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ry çäk­siz ala­da bi­len gur­şap al­ýan, ýaş nes­liň sag­dyn be­den­li, bi­lim­li, hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ke­ma­la gel­me­gi we ter­bi­ýe­len­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýän Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gi­ni hem art­dyr­dy. Ser­gi-ýar­mar­ka­nyň jem­leý­ji gü­nün­de ça­ga­la­ryň çe­ken su­rat­la­ry­nyň we el­de ýa­san oýun­jak­la­ry­nyň bäs­le­şik­li söw­da­sy ge­çi­ril­di.
Umu­man, hal­ka­ra ser­gi ösüp gel­ýän ýaş nes­le ni­ýet­le­nen önüm­le­riň köp san­ly gör­nüş­le­ri bi­len paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­ny hem-de myh­man­la­ry­ny ta­nyş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Ol ýur­du­my­zyň döw­let, hu­su­sy dü­züm­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, ça­ga­lar ha­ryt­la­ry se­na­ga­tyn­da iň tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry ulan­mak­da tej­ri­be­le­ri iş­jeň alyş­mak üçin hem amat­ly meý­dan­ça­dyr.
«Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­kasy­nyň çäk­le­rin­de göz öňün­de tu­tu­lan işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ýurt­lar bi­len yna­nyş­mak, öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne, ýag­ty gel­jek üçin äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ra esas­lan­ýan yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­na he­mi­şe açyk­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di.
Ser­gi­niň ahy­ryn­da gat­na­şy­jy­la­ra de­giş­li dip­lom­lar gow­şu­ryl­dy.
Di­ýa­ry­myz­da dö­re­di­len sag­dyn, aba­dan dur­muş gur­şa­wy ça­ga­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan kä­mil şah­sy­ýet­ler hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi­ne, ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny, köp­ta­rap­ly ze­hi­ni­ni ýü­ze çy­kar­ma­ga şert dö­red­ýär. Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len «Kids Eks­po» ser­gi-ýar­mar­ka­sy hem ça­ga­lar ha­kyn­da­ky ala­da­la­ryň ýe­ne-de bir aý­dyň gü­wä­si­dir.