Ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýän Saud Arabystanynda 90 adanyň üstünde kaşaň myhmanhanalar gurlar. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli syýahatçylyk pudagyna 500 milliard dollar maýa goýum goýberilmegi meýilleşdirilýär. Mundan ozal ýurtda uzynlygy 170 kilometre barabar «The Line» atly taslama mälim edilipdi. Bu taslamanyň çäklerinde «akylly» şäher infrastrukturasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Täze taslama bolsa, «Red Sea Project» (Gyzyl deňiz taslamasy) diýlip atlandyrylýar. Bu taslamada, Gyzyl deňizde kenardan uzakdaky adam aýagy sekmedik adalarda kaşaň myhmanhanalar toplumy gurlar. Syýahatçylyk toplumy ýurduň günbatar kenaryndaky Umluj we El-Wajh şäherleriniň arasynda ýerleşip, 28 müň inedördül kilometr meýdany tutar. Häzirki wagtda bu adalar çölden, dagdan we sönen wulkandan emele gelipdir.
Adalaryň köpüsiniň 75 göterim ýerinde hiç hili gurluşyk işleri geçirilmän, tebigaty üýtgedilmez. «Ritz-Carlton» ýaly lýuks myhmanhanalaryň hem bu ýerde şahamçasyny açyp biljekdigi bellenilýär. Iri taslamanyň çäklerinde myhmanhanalar bilen bir hatarda dynç alyş obalary, willalar we beýlekiler bolar. Şu ýylyň ahyryna çenli taslamanyň birinji tapgyry durmuşa geçirilip, 5 adada jemi 3 müň otagy bolan 16 myhmanhananyň gurluşygy tamamlanar. Şeýle hem sebitde dünýäniň iri şäherlerine gatnawlary ýola goýmak üçin Halkara howa menzili hem gurlar.