23-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy Farruk Şahzad Raonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar wagtyň synagyndan geçen türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hususan-da ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ünsi çekmek bilen, ykdysadyýet ulgamyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçly ulag syýasatyny nazara almak bilen, söhbetdeşler sebitiň ýurtlarynyň has gowy ykdysady integrasiýasy üçin üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdaryny köpeltmegi, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegi, port infrastrukturasyny işjeňleşdirmegi öz içine almak bilen, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.