Eziz Diýarymyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda Tomus paslynda sähralyk we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we sürüm işlerini geçirmek boýunça ylmy okuw maslahaty geçirildi. Bu döwletli maslahata Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň şeýle-de Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, Köýtendag etrabynyň edara-kärhanalaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, daýhan birleşiklerinden wekiller gatnaşdylar. Ylmy okuw maslahatynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy, Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgärleridir gullukçylary çykyş edip, ýangyn howpundan goranmak hem-de ýangynyň döräp biläýjek sebäpleri dogrusynda ýörite taýýarlanan foto-wideo rolikleriniň we görkezme esbaplaryň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi. Tehniki hyzmatlary amala aşyrýan ýangyn howply çäklerde hyzmat edýän awtoulaglaryň sürüjilerine ulaglaryň tüsse çykaryjylarynyň ýörite serişdeler bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Okuw maslahatynyň esasy maksady türkmen tebigatyny, onuň baýlyklaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini ýangyndan goramak baradaky işleri wagyz etmekden ybarat boldy. Hünärmenleriň, ylmy işler bilen meşgullanýan goraghananyň işgärleriniň dürli mowzuklarda eden çykyşlary bolsa, duşuşygyň täsirliligini artdyrdy. Ylmy okuw maslahatyny ýylyň dowamynda, esasan-da, ýangyn howply tomus paslynda ýaýbaňlandyryp, ilat arasynda, edara-kärhanalarda ýygy-ýygydan bolup wagyz nesihat işlerini geçirmeklik meýilleşdirildi.
Merdan Jumaýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary.