14 ýaşly Türkmenistanyň tennisçisi Ilima Guseýnowa Malaýziýada tamamlanan «Selangor Asian 14 & Under Grade A (Southeast Asia)» halkara ýaryşlarynda jübüt bolup oýnamakda kümüş medala mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy bu üstünligi eýranly Hana Şabanpur bilen jübütlikde gazandy.
Türkmenistanyň iň ezber tennisçisi Ilima Guseýnowa Aziýanyň 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň iň gowy dört tennisçisiniň hataryna girýär. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda «Aşgabat» tennis akademiýasynda ussatlygyny kämilleşdirýär.
Guseýnowanyň sanawynda halkara ýaryşlarda gazanylan sylaglar az däl. Ol diňe şu ýylda dürli derejeli üç medal gazandy. Haýdarabatda (Hindistan) geçen «Asian 14 & Under Grade A» halkara ýaryşlarda Ilima Guseýnowa ýekelikde oýnamakda bürünç medal we hindi türgeni Karthika Padmakumar bilen jübütlikde oýnanda bolsa altyn medal gazandy. Şymkentde (Gazagystan) geçen ýaryşlaryň finalynda bolsa eýranly H.Şabanpurdan 2:6, 2:6 hasabynda asgyn gelmek bilen, kümüş medala mynasyp boldy.
«Türkmen sporty» gazeti