Şu ýyl 1-nji synpa kabul edilen 17 müň 864 okuwça «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri sowgat berler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň bilim edaralarynda, şol sanda 146 sany orta mekdepde we 189 sany çagalar bagynda ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, olar täze okuw ýylyna doly taýýar edildi. Okuwçylaryň 1-nji sentýabrdan başlap döwrebap, häzirki zaman şertlerinde bilim almagy üçin ähli şertler döredildi.

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde bilim edaralaryny mugallymlar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň bilen baglylykda, 2024-2025-nji okuw ýylynda pedagogik ugurly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlaryň jemi 1 müňden gowragy Aşgabadyň bilim edaralaryna işe ýollanyldy diýlip, habarda bellenilýär.