2025-nji ýylda Bangkokda “Porsche Design Tower” binasynyň gurluşygyna başlanar. Ägirt uly taslamada 22 sany kaşaň otag göz öňünde tutulyp, binadaky 1 inedördül metriň bahasy hem 29,52 müň dollardan başlar. Bu bolsa ajaýyp binany ýurduň iň gymmat binasyna öwrer. “Porsche Design Tower” Germaniýanyň “Porsche” awtomobil öndürijisi bilen “Ananda Development” atly ýerli gurluşyk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamasydyr. Taslama görä, bu toplumda 2 gatly we 4 gatly otaglar meýilleşdirilip, olaryň meýdany 525 inedördül metrden 1,13 müň inedördül metre çenli bolar. Olaryň bahasy bolsa, 15, 49 mln dollardan 41,33 mln dollar aralygynda üýtgär. Tailandyň iň gymmat binasynyň gurluşygynyň 2028-nji ýylyň ahyrynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy