Ýaponiýadan 37 ýaşly Saki Tamogami özüniň haýran galdyryjy ukyby bolan pul tygşytlamagy bilen “ýurduň iň tygşytly gyzy” hökmünde belli boldy. “South China Morning Post” neşiriniň habar bermegine görä, ol günde iýýän iýmiti üçin bary-ýogy 1,4 dollar sarp edip, 15 ýylyň dowamynda 3 öýi satyn almagy we pişik kafesini açmagy başardy. Tamogaminiň esasy maksady 34 ýaşyna çenli 3 öý satyn almak bolupdyr. Ol öz zähmet haklarynyň ep-esli bölegini 19 ýaşyndan bäri ýygnap gelýär. Ol ýokary okuwy tamamlandan soň, gozgalmaýan emläk agenti hökmünde işe başlady. Tamogamiň gündelik iýmiti ýönekeý tagamlardan ybarat bolup, ol iýmit üçin 35 sentden köp çykdajy sarp etmeýärdi. Ol ýakyn dogan garyndaşlarynyň ozal geýen eşiklerini geýýär. Tamogami ilkinji öýüni 27 ýaşyndaka satyn almagy başardy. Şeýle hem ol 2019-njy ýyla çenli hem 3-nji öýüni satyn almak bilen öz arzuwyna ýetdi. Zenan jaýyň birinji gatynda “Cafe Yuunagi” ady bilen pişik kafesini hem açdy. Häzirki wagtda bu kafe Tamagamä öz işini ösdürmäge we haýwanlar barada alada etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle uly işleri başarýandygyna garamazdan, Tamogami entägem tygşytlylyk ýörelgesini dowam etdirip, gozgalmaýan emläge maýa goýmagy meýilleşdirýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşinuň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.