Meksikada zenanlaryň işleri boýunça federal ministrlik dörediler. Bu barada ýurduň saýlanan Prezidenti Klaudiýa Şaýnbaum mälim etdi.
Şeýnbaumyň aýtmagyna görä, teklipleri çuňňur öwrenenden soň, ozal bar bolan Aýal-gyzlaryň işleri boýunça milli institutyň esasynda şeýle ministrligi döretmek kararyna gelipdir. Ministrlige häzirki wagtda Milli galkynyş hereketiniň (MORENA) baş sekretary, şeýle hem Meksika şäheriniň senatory bolup işleýän Sitlali Ernandes ýolbaşçylyk eder.
Ministrlik şu ýylyň 1-nji oktýabryndan, Şeýnbaum wezipesine girişenden soň işläp başlar. Zenanlaryň işleri boýunça ministrligiň döredilmegi Meksikanyň ilkinji zenan Prezidenti boljak Klaudiýa Şeýnbaum tarapyndan öňe sürlen özgertmeleriň biridir.
Ozal habar berlişi ýaly, Meksikanyň dolandyryjy “Milli galkynyş hereketi” (MORENA) partiýasynyň dalaşgäri Klaudiýa Şaýnbaum 2-nji iýunda geçirilen saýlawlarda 57 göterimden gowrak ses alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Ses berişligiň netijeleri ýurduň Milli saýlaw instituty tarapyndan habar berildi.
Mehiko şäheriniň öňki häkimi 61 ýaşly Şaýnbaum ýurduň taryhynda ilkinji zenan Prezident bolar. Alty ýyllyk möhlete saýlanan Prezidentiň kasam kabul edişlik dabarasy, 1-nji oktýabrda meýilleşdirilýär. Demirgazyk Amerikada ýerleşýän bu ýurduň 127 milliondan gowrak ilaty bar.