Parižiň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy Ann Idalgo Olimpiýa oýunlary tamamlanandan soňra Eýfel diňine ýerleşdirilen Olimpiýa halkalarynyň aýrylmajakdygyny mälim etdi. Taryhy polat desganyň inženeri bolan Gustaw Eýfeliň mirasdüşerleri bolan agtyklary muňa närazylyk bildirdiler. Parižlileriň käbiri Olimpiýa halkalarynyň Eýfel diňinde galdyrylmagyny, käbiri bolsa, simwoliki bina gelişmejekdigini pikir edýär.
Olimpiýa oýunlary başlamazdan öň – 26-njy iýulda Eýfel diňine ýerleşdirilen halkalaryň ini 29 metre, beýikligi 15 metre, agramy 30 tonna ýetýär. Halkalaryň 8-nji sentýabrda Paralimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyndan soňra aýrylmagyna garaşylýardy. Emma Idalgo bäş yklymyň simwoly hasaplanýan gök, sary, gara, ýaşyl we gyzyl reňkli iç-içe geçip duran halkalary bu ýerde galdyrmak isleýändigini aýtdy. Ýerli häkimiýetiň ýolbaşçysy diametri 9 metr bolan halkalaryň örän agyrdygyny, geljekde has ýeňil görnüşi bilen çalşyljakdygyny aýtdy.