Niderlandlarda başlangyç mekdeplerde “akylly” telefonlaryň ulanylmagy gadagan edildi. Bu çäklendirme smartfonyň okuwçylaryň ünsüni bölýändigi we synaglaryň netijelerine täsir edýändigi sebäpli girizildi. Ýurtda mundan ozal has uly synpda okaýan okuwçylar üçin hem smartfon ulanylyşy gadagan edilipdi. Ýuduň metbugatyndaky habarlara görä, Okuw, medeniýet we bilim ministrligi başlangyç synplarda okaýan okuwçylar üçin smartfon ulanylyşyny gadagan etmek kararyna geldi. Okuwçylara smartfon ulanmak diňe bellenen dersde okuw maksady bilen ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli fiziki çäklendirmesi bolan okuwçylara rugsat berilýär.
Mundan ozal Gresiýada, Italiýada we Belgiýanyň fransuz dilli sebitlerinde hem şeýle çäklendirme girizilipdi. Germaniýada hem şeýle çäklendirmäniň girizilmegine garaşylýar.