Halkara gaz bileleşigi “Global tebigy gaz 2024” atly maglumatnama ýaýratdy. Maglumatnamada dünýäde tebigy gazyň sarp edilişi bilen bagly maglumatlar bar. Bellenilişine görä, Demirgazyk Amerikada, Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Russiýada we Aziýada tebigy gazyň sarp edilişiniň 2019-njy ýyldan bäri artýandygy, Ýewropada azalýandygy bellenilýär. 2021-nji ýylda Ýewropada 553 milliard kub metre ýeten bolsa, şu ýylyň ahyrynda bu görkezijiniň 469 milliard kub metre düşmegine garaşylýar. Munuň sebäbi hökmünde sebitde arassa energiýa çeşmelerine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, tygşytlylyk we gyşyna howanyň maýyl geçmegi görkezildi. Tebigy gazyň azalan böleginiň ýarysynyň elektrik energetikasyna degişlidigi bellenildi. Ýewropada gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýan elektrik energiýasynyň şu ýyl ilkinji gezek 50 göterimden geçmegine garaşylýar.
Maglumatda gaza bolan islegiň, esasan, Aziýa ýurtlarynda artýandygy bellenildi. Gazyň sarp edilişi bu yklymda 2019-njy ýylda 898 milliard kub metr bolan bolsa, geçen ýyl 995 milliard kub metre ýetipdir. Üstümizdäki ýylda bu görkezijiniň 1 trillion 38 milliard kub metr bolmagyna garaşylýar.