5-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň ilçihanasynyň täze binasynda ilkinji metbugat brifingini geçirdi. Žurnalistler bilen bolan duşuşygynda diplomat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatik missiýasynyň başlygy hökmünde alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegi maksat edinýändigini belledi.
Ilçi 24-nji iýulda Türkmenistana gelendigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow, daşary işler ministri we Türkmenistanyň beýleki hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny aýtdy.
Ilçi Rud wezipe möhletiniň dowamynda ünsüni gönükdirjek esasy ugurlar barada hem belläp geçdi. Ol ilki bilen klimat meselesi barada durup geçip, howanyň üýtgemeginiň planetamyzdaky ähli adamyň durmuşyna täsir edýändigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmakda möhüm rol oýnaýandygyny aýdyp, geçen ýyl Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyny diýseň oňyn garşylaýandyklaryny belledi.
Diplomat ykdysady ugurda durup geçip, Türkmenistanyň hökümeti we hususy pudagy, şeýle hem bu ýurtdaky bilim institutlary bilen bilelikde täze iş mümkinçiliklerini döretmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin işleşjekdiklerini aýtdy.
Ilçi Rud iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek isleýändigini aýtdy. Ol bilim, medeni we ylmy ugurlarda alyş-çalyş edýändiklerini belledi. Diplomat geçen hepdede ilkinji gezek Mary şäherine baryp görendigini, Amerikan burçunda myhmançylykda bolandygyny, ol ýerde ýaşlaryň matematikany, takyk bilimleri we iňlis dilini yhlas bilen öwrenýändiklerini görendigini aýtdy.
Çykyşy tamamlanandan soňra ilçi žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Diplomat türkmen dilini bilýändigini, öwrenýändigini we kämilleşdirýändigini aýtdy. Ol türki dilleriň içinde diňe türkmen dilini bilýändigini belledi.
Biziň ýurdumyza gelmezden ozal, dürli ýurtlarda zähmet çeken Rud rus, fransuz, nemes, puştu, dari, gruzin we türkmen dillerini bilýär.