6-njy sent­ýabr­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” ça­ga­lar aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gat­na­şy­jy­la­ryň kon­ser­ti bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ýaş nes­liň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­na ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den köp san­ly ze­hin­li ça­ga­lar gat­naş­ýar.
Kon­sert baş­la­ma­zyn­dan ozal, jem­leý­ji tap­gy­ra gat­naş­ýan bag­ty­ýar ça­ga­lar Wa­ta­ny­my­zyň öz­baş­dak­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül goý­du­lar.
Des­lap­ky bäs­le­şik­ler şä­her­ler­de, et­rap­lar­da hem-de we­la­ýat­lar­da bir­nä­çe tap­gyr­da ge­çi­ril­di we olar­da jem­leý­ji tap­gy­ra gat­naş­jak da­laş­gär­ler kes­git­le­nil­di. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak hem-de gol­da­mak, ola­ry wa­tan­çy­lyk, hal­ky­my­zyň däp-des­sur­la­ry­na hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek bäs­le­şi­giň baş mak­sa­dy­dyr.
Açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny aý­ra­tyn üns bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Gut­la­gyn­da mil­li aý­dym-saz sun­ga­ty­my­zyň uly äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­ýär. “Gö­rog­ly” des­san­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, “Küşt­dep­di” aý­dym we tans des­su­ry­nyň, du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. “Dün­ýä ta­ry­hy­na we me­de­ni­ýe­ti­ne gym­mat­ly go­şant go­şup, ta­ryh­da nus­ga­lyk yz gal­dy­ran hal­kyň ne­sil­le­ri hök­mün­de siz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öwüt-ne­si­hat­la­ry­na, yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ne pug­ta eýe­rip, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, aý­dym-saz sun­ga­ty­my­za bo­lan söý­gi­ňiz, buý­san­jy­ňyz bi­len dost­lu­gy, yn­san­per­wer­li­gi we bag­ty­ýar­ly­gy has-da yh­las­ly wasp et­me­li­si­ňiz” diý­lip, Gut­lag­da bel­le­nil­ýär.
Şu ýy­lyň “Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” at­ly şy­ga­ry dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­na aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. Ýa­şa­jyk ar­tist­ler mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zy, zäh­met­sö­ýer hal­ky­my­zy, türk­men top­ra­gy­nyň gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­ga­ty­ny ru­hu­be­lent­lik bi­len wasp et­di­ler. Aý­dym­lar we tans­lar ýaş ze­hin­le­re bag­ty­ýar ça­ga­ly­gy peş­geş be­ren ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­ny be­ýan ed­ýän wi­deo­şe­kil­ler bi­len ut­gaş­dy­ryl­dy.
Jem­leý­ji tap­gyr­da gel­jek­de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň şöh­ra­ty­na şöh­rat goş­jak aý­dym­çy­lar, tans, aý­dym-saz we folk­lor to­par­la­ry bäs­leş­di­ler.
Sah­na­da baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Ýa­şa­jyk ze­hin­le­riň öz­bo­luş­ly çy­kyş­la­ry to­ma­şa­çy­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry­na my­na­syp bol­dy. Jem­leý­ji kon­sert bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de “Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa bi­len açyl­dy. Sah­na­da bag­ty­ýar ça­ga­ly­gy wasp ed­ýän aý­dym­lar ýaň­lan­dy, tans­lar, ede­bi-saz­ly, folk­lor kom­po­zi­si­ýa­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len “Biz Wa­ta­nyň mer­jen dä­ne­le­ri” at­ly aý­dym dö­re­di­ji­lik baý­ram­çy­ly­gy­nyň aja­ýyp jem­len­me­si­ne öw­rül­di.
“Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na Ýüz­len­me ka­bul edip, ýaş ne­sil ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry, ola­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy ug­run­da dö­re­dil­ýän äh­li şert­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak, Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak ba­ra­da­ky öwüt-ün­dew­le­ri­ne mun­dan beý­läk-de eýer­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.