Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri we aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Aýyň esasy çäreleriniň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine we Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabaralary, “Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň jemini jemlemek, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak çäreleri, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konsertleri, feýerwerk, at çapyşyklary we beýleki çäreler bar.

Şu günler teatrlarda, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde halk köpçüligine täze sahna oýunlary, filmler görkezilýär. Ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan dokumental filmler, wideoşekiller, dürli mazmunly gepleşikler taýýarlanylyp, ýaýlyma berilýär. Şeýle hem olary daşary ýurt teleýaýlymlarynda görkezmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu barada 6-njy sentýabrda  geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.