6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawyna laýyklykda, 20-nji sentýabrda geçiriler. Maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygy ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Forumyň esasy maksady Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.