Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň sany barha köpeldi. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär.
Raýatlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegi hökmandyr. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň barha ösmegi, ulaglaryň sanynyň artmagy netijesinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin biziň zähmet çekýän gullugymyz hem öňünde uly wezipeler goýdy. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak diňe bir sürüjileriň däl-de, eýsem, pyýada ýolagçylaryň hem borjudyr.
Biraýlyk mynasybetli etrabymyzda Baýramaly etrap polisiýa bölümi tarapyndan dürli çäreler guraldy. Ýakynda geçirilen öwüt-ündew duşuşygynda hem köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýdyldy. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ömrümiziň rahatlygydygyny bellemek bilen, çykyş edenler ýaşlara gymmatly öwüt-ündewleri, maslahatlary berdiler.
Duşuşygyň maksady ýaş nesliň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmekden we olaryň düşünjelerini artdyrmakdan ybarat boldy. Onda etrap polisiýa bölüminiň, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri gatnaşyjylara köçe-ýol hereketiniň düzgündir kadalaryna eýermegiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Ýol-ulag hadysalaryň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleri, olaryň öňüni almagyň ýollary we herekete gatnaşyjylaryň borçlary, ýaş nesliň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, ýoldan geçilende hereket howpsuzlygynyň kadalaryna eýermek barada aýdylanlar ýaşlarda uly täsirleri döretdi. Şunlukda, her bir adam ýol hereketiniň kadalaryny pugta berjaý etmelidir. Sebäbi bu biziň jan saglygymyza, maşgalamyzyň dynçlygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip çykyş edenler nygtadylar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylary gyzyklandyrýan sowallara hem jogaplar berildi.

Begenç Gapurow,
Baýramaly etrabynyň polisiýa bölüminiň müdiriniň dolandyryş işleri boýunça kömekçisi, polisiýanyň maýory.