Türkmenistanyň wekiliýeti 11-14-nji sentýabr aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilýän 10-njy Halkara Birleşen medeniýet foruma gatnaşýar. Wekiliýetiniň düzüminde Medeniýet ministrliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary bar.

Forumda dürli ýurtlardan bolan döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler we dünýä belli medeniýet işgärleri halkara medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşarlar.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary milli aýdym-saz we wokal sungatyny görkezerler. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili «Kino» tematiki sessiýasynda çykyş eder.

 

Çeşme: medeniyet.gov.tm