Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýurduň paýtagtyny Tährandan günorta serhet ýakalaryna, Pars aýlagynyň kenarlaryna göçürmek baradaky meýilnamasyny mälim etdi. Bu barada «Fars» agentligi habar berdi.
«Tähran ýurduň paýtagty bolmak bilen, paýtagt merkezini göçürmekden başga çözgüt tapyp bolmajak meseleler bilen ýüzbe-ýüz galýar» diýip, «Fars» agentligi Pezeşkianyň sözlerini getirdi.
Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, Tährany paýtagt hökmünde galdyrmak birgiden kynçylyklar, ilkinji nobatda bolsa, ykdysady ýagdaýlar sebäpli mümkin däl. «Häzirki ýagdaý dowam etse, ýurdy ösdürmek ýeňil düşmez. Eger-de biz Tährana günortadan we deňizden çig mallary getirip, olary önüme öwrüp ýene-de yzyna – günorta eksporta iberjek bolsak, bu ýagdaý biziň bäsdeşlige ukyplylygymyzy has-da pese gaçyrar» diýip, ol aýtdy. Şeýle-de, Pezeşkian täze paýtagt saýlanyp alnandan soňra ol ýere ähli döwlet edaralarynyň göçüriljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.