Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Ýewropa komissarlarynyň dalaşgärleriň tassyklanmagynyň gijä galynandygyna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň täzelenen ýerine ýetiriji organynyň işe başlamagynyň senesiniň 1-nji noýabrda boljakdygyny öňe sürdi. Bu barada “Politico” neşiri habar berýär.
Ursula fon der Lýaýen gender deňagramlylygyny saklamak maksady bilen käbir ýurtlaryň ýewrokomissarlyga dalaşgärlerini üýtgetmägini haýyş etdi. Şonuň üçin olaryň soňky sanawy entek taýýar däl.
Ýewropa komissarlaryna dalaşgärleriň Ýewropa Parlamentindäki diňlenişigi 4-12-nji noýabr aralygynda geçirilip, Ýewropa Komissiýasynyň täze düzüminiň 1-nji dekabrda işe başlajakdygy çak edilýär. Ýöne fon der Lýaýen Ýewropa Parlamentiniň öňki tertipnamasyna gaýdyp gelmelidigini we oktýabr aýynda diňlenişik geçirmelidigini öňe sürýär.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy ABŞ-da geçiriljek Prezident saýlawlaryndan öň organyň işe başlamagyny isleýär. Ýewropa Bileleşigi ABŞ-nyň saýlawlaryndan soň täze geçiş topary bilen işlemek üçin taýyn bolmaly we geosyýasatda dünýä arenasynda talaba laýyk rol oýnamaga mümkinçiligi bolmaly.
Ýewropa Bileleşiginiň ikinji bäş ýyllyk başlyklygyna saýlanan Ursula fon der Lýaýen häzirki wagtda Ýewropa Komissiýasynyň täze düzümini döredýär. Ýewropa Bileleşiginiň her bir ýurdy Ýewropa Komissary wezipesine öz dalaşgärini hödürlemeli.